«Ýüpek ýoly»: sekiz tapgyrdan soň türkmen toparlary öňde barýar

16:5715.07.2022
0
6781

«Ýüpek ýoly» halkara rallisiniň resmi saýty ýolsaýlamazlaryň arasyndaky T2 ýaryşynyň yzda galan sekiz tapgyryndan soň ilkinji üç orny türkmenistanly toparlaryň eýeleýändigini nygtaýar. Yzda galan tapgyrlaryň netijesinde Merdan Toýlyýewiň topary birinji, Şamyrat Gurbanow ikinji, Maksatmyrat Daňatarow bolsa üçünji orny eýeleýär.

Soňky tapgyrlary öz ýeňişlerine besleýän sankt-peterburgly sürüji Dmitriý Woronow bolsa heniz umumy hasapda dördünji basgançakdan ýokary galyp bilenok.

Ýeri gelende aýtsak, ýaryşyň 8-nji tapgyryndaky öňdäki üç ornuň ikisini ýene-de Türkmenistanyň wekilleri eýelediler. Has takygy, Merdan Toýlyýew bilen Şamyrat Gurbanow biri-birinden 25 sekunt tapawutlykda pellehana ikinji we üçünji bolup geldiler. Birinji orny bolsa D.Woronow eýeledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň