N.Amannepesow wise-premýer wezipesine bellenildi

21:5508.07.2022
0
12119

Şu gün geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, ýaşlar we jemgyýetçilik meseleleri boýunça orunbasary S.Toýlyýew wezipesinden boşadyldy.

Döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permany esasynda, bu wezipä Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow bellenildi.

Degişli Perman esasynda, saglygy goraýyş we derman senagaty ministri wezipesine ozalky ministriň bejeriş-öňüni alyş kömegini guramak boýunça orunbasary A.Germanow bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň