Turkmenportal logo
08.07.22
62296229
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ýolbaşçylar düzümi 1-nji awgustdan 1-nji sentýabra çenli dynç alyşda bolarlar
Ýolbaşçylar düzümi 1-nji awgustdan 1-nji sentýabra çenli dynç alyşda bolarlar

Şu gün geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow ýurduň ýolbaşçy düzümine 1-nji awgustdan 1-nji sentýabra çenli dynç alyşda bolmaga rugsat berýändigini, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň we pudaga degişli beýleki ýolbaşçylaryň bolsa pagta ýygymy tamamlanandan soňra dynç alyp biljekdiklerini belledi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilýär.


Döwlet Baştutany ýolbaşçylar düzüminiň «Arçman», «Ýyly suw» we beýleki şypahanalarda dynç alyp biljekdiklerini aýtdy.


Prezident Serdar Berdimuhamedow ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna şu ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri boýunça öňdäki şenbe, ýekşenbe we duşenbe günlerinde maslahatlary geçirmegi tabşyrdy.