Soňky habarlar

Arhiw

Katalin Nowak Serdar Berdimuhamedowa hat ýollady

22:2105.07.2022
0
8244

Wengriýa Respublikasynyň Prezidenti Katalin Nowak Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna gutlag hatyny ýollady. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilýär.

Hatda Wengriýanyň Baştutany Prezident Serdar Berdimuhamedowy iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýar hem-de iň gowy arzuwlaryny beýan edýär. Şeýle-de Wengriýa Respublikasynyň Prezidenti Katalin Nowak öz hatynda türkmen döwletiniň Baştutanyny iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine ygrarlydygyna ynandyrmak isleýändigini, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýakyn geljekde täze ugurlar boýunça baýlaşdyryljakdygyna ynanýandygyny belleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň