Soňky habarlar

Arhiw

Ýylyň 5 aýynda TNGIZT 1 million 878 müň tonnadan gowrak nebiti gaýtadan işledi

13:0905.07.2022
1
4836

Şu ýylyň bäş aýynda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy 1 million 878 müň tonnadan gowrak çig nebiti gaýtadan işledi.

Awto benzini öndürmek meýilnamasy 130%, kerosin takmynan 142%, çalgy ýaglary 107,7%, suwuklandyrylan gaz 178,4% ýerine ýetirildi diýip, «Nebit-gaz» elektron neşiri habar berýär.

TNGIZT-iň önümleri ýurduň içerki bazarlaryna ugradylýar we eksport edilýär.

Şeýle hem geçen ýylda kompaniýanyň sadap hem-de alýumin çaýylan polipropilen örtüginiň, “Turkmenoil Advance 5W-40” görnüşli ýarym sintetiki çalgy ýagynyň, gämi ýangyjynyň önümçiligini ýola goýup, importyň ornuny tutýan önümleriň görnüşini ep-esli giňeldendigini ýatladýarys.

TNGIZT-iň nebit we gaz önümleriniň daşary ýurtlarda uly islegden peýdalanýandygyny bellemelidiris.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň