Şu ýyl Maryda 15 müň gektara golaý ýerde gant şugundyry ekiler

17:4204.07.2022
0
351
Şu ýyl Maryda 15 müň gektara golaý ýerde gant şugundyry ekiler

Şu ýyl Mary welaýatynda 14 müň 900 gektar ýere gant şugundyry ekiler. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berdi.

Munuň üçin öňden görlen taýýarlyk işleri, ýagny ýokary hilli tohumyň, tehnikalaryň, ekiji gurallaryň ýeterlik mukdarynyň taýýarlanmagy welaýatyň kärendeçilerine, ýer eýelerine, işewür telekeçilerine ekişe irki möhletde girişmäge şert döretdi. Häzirki wagtda ýer eýeleri bugdaýdan boşan ýerlerde ekiş geçirýärler. Bu işde Garagum, Baýramaly, Oguz han, Türkmengala etraplarynyň ekerançylary köplere nusga bolýarlar diýip, neşir ýazýar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 27-nji iýunda sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda gök, bakja, ýeralma ýaly oba hojalyk önümleriniň bolçulygyny döretmek bilen bir hatarda, gant şugundyrynyň ekişini döwrebap, ýokary derejede guramak barada hem tabşyryklary berdi. Mary welaýatynyň daýhanlary şu günler şol tabşyryklardan ugur alyp işleýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň