5-6-njy iýulda AFK-nyň saýlanan eminleriniň gatnaşmagynda onlaýn okuw-maslahaty geçiriler. Bu okuw-maslahatyna ýurdumyzdan FIFA-nyň eminleri Çarymyrat Gurbanow, Ahmet Begnazarow hem-de Pälwan Pälwanow gatnaşarlar. Bu barada TFF-niň resmi saýty habar berýär.
Okuw-maslahatynyň dowamynda gatnaşyjylar futbol düzgünlerine girizilen täzelikler bilen birlikde eminiň meýdanda wagtyndaky hereketlerini utgaşdyrmak babatynda pikir alşylar.
Ýeri gelende bellesek, 45 ýaşly Ç.Gurbanow AFK-nyň ýaryşlarynda 2003-nji ýyldan bäri eminlik edip gelýär. Meýdanda onuň kömekçileri hökmünde çykyş edýän 38 ýaşly A.Begnazarow 2017-nji, 32 ýaşly P.Pälwanow bolsa 2016-nji ýyldan bäri AFK-nyň bäsleşiklerine gatnaşýarlar.