Belarusda näçe türkmenistanly talybyň okaýandygy mälim edildi

23:0503.07.2022
0
30733

2021/2022-nji okuw ýylynda Belarusyň ýokary okuw mekdeplerinde türkmenistanly talyplaryň 6,6 müňden gowragy okady. Bu barada Belarusyň Türkmenistandaky ilçisi Wýaçeslaw Beskostyý «Нейтральный Туркменистан» gazetine beren interwýusynda aýtdy.

Türkmen talyplary Belarusyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan daşary ýurtly talyplaryň umumy sanynyň 20 göterimden gowragyny düzýär.

Diplomatyň sözlerine görä, Belarus türkmenistanly talyplaryň her ýyl 30-syna inžener we tehniki ugurlar boýunça talyp hakyny bermäge taýýar.

2020/2021-nji okuw ýylynda dostlukly döwletde türkmen talyplarynyň 8738-siniň okandygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň