Soňky habarlar

Arhiw

Karlos Saýns ilkinji ýeňşini gazandy

22:0203.07.2022
0
835

Biraz öň «Silwerstoun» trassasynda «Formula-1» boýunça 2022-nji ýylky dünýä çempionatynyň onunjy ýaryşy bolan Beýik Britaniýanyň Gran-prisi tamamlandy.

Birneme garaşylmadyk netije bilen tamamlanan ýaryşda «Ferrariniň» piloty Karlos Saýns «Formula-1» bäsleşiklerindäki ilkinji ýeňşini baýram etdi.

Pellehana ýeňijiden 3.77 sekunt giç gelen «Red Bull» toparynyň sürüjisi Serhio Peres ikinji orny eýelän bolsa, üçünji ýer «Formula-1» boýunça ýedi gezek dünýä çempiony bolan «Mersedesiň» wekili Lýuis Hemiltona nesip etdi. Möwsümiň umumy utuk jedweliniň liderleri Şarl Lenkler («Ferrari») bilen Maks Ferstappen («Red Bull») degişlilikde dördünji we ýedinji orunlary eýelediler.

Beýik Britaniýanyň Gran-prisinden soňra möwsümiň umumy jedwelinde toparlaryň arasynda 328 utuk bilen «Red Bull», şahsy hasapda bolsa 181 utuk bilen şol toparyň piloty Maks Ferstappen liderlik edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň