Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen zyýaratçylary haj parzyny berjaý etmäge ugradylar

21:1402.07.2022
0
11216

Şu gün türkmen zyýaratçylary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken resminamasyna laýyklykda, «Türkmenhowaýollary» agentligi tarapyndan guralan ýörite uçar gatnawy bilen Saud Arabystany Patyşalygyna haj parzyny berjaý etmäge ugradylar. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilýär.

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti şu ýylyň 23-nji iýunynda 2022-nji ýylyň 2 – 22-nji iýuly aralygynda haj parzyny berjaý etmek üçin, 275 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek baradaky resminama gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenhowaýollary» agentligine zyýaratçylary Saud Arabystany Patyşalygyna eltmek we yzyna getirmek üçin agentligiň öz serişdeleriniň hasabyna ýörite gatnawy guramak tabşyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň