Soňky habarlar

Arhiw

Iýul aýynyň başynda Türkmenistanda +36°-a çenli temperatura we salkyn agşamlar garaşýar

10:5502.07.2022
0
28247
 Iýul aýynyň başynda Türkmenistanda +36°-a çenli temperatura we salkyn agşamlar garaşýar

4-nji iýula çenli Türkmenistan günbatar Gazagystanyň howa akymlarynyň täsirinde bolar, şonuň üçin hem birnäçe gün howanyň temperaturasynyň +31…+36°, ýurduň günbatarynda bolsa, ortaça +27…+32 bolmagyna garaşylýar. Türkmenistanyň demirgazyk-günbatarynda gijelerine +17…+22° salkyn howa çaklanylýar diýip, meteojurnal.ru habar berýär.

Aýyň ikinji ongünlügine golaý howanyň temperaturasy adatdakysy ýaly yssy bolar diýlip garaşylýar.

Eger-de iýul aýynyň howa ýagdaýyna umumylykda seredeniňde, howanyň temperaturasynyň kadadan az-kem ýokar bolmagyna garaşylýar (0,5-2 gradusa çenli).

Aşgabatda ortaça temperatura +35…+40 bolar. Çeşmäniň bellemegine görä, iýul aýynda adatdan daşary yssy howanyň bolmagyna garaşylmaýar. Emma şonda-da 40°-dan ýokary bolan jöwzaly günleriň (aýratyn hem, ýurduň gündogarynda) bolmagyna garaşylýar.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň