Russiýada ähli koronawirus çäklendirmeleri ýatyryldy

13:3201.07.2022
0
7099

Şu gün Russiýada koronawirus pandemiýasy zerarly ozal girizilen çäklendirmeleriň ählisi ýatyryldy. Bu barada «Rospotrebnadzora» salgylanmak bilen «Kommersant» neşiri habar berýär.

1-nji iýuldan başlap ýurtda jemgyýetçilik azyk üpjünçiliginiň agşam işlemegi üçin girizilen çäklendirme hem ýatyryldy. Indi köpçülikleýin ýerlerde agyz-burun örtüklerini dakynmak we beýleki çäklendirmeler talap edilmeýär.

Häzir ýurtda koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşykly ýagdaýlara «Rospotrebnadzor» tarapyndan berk gözegçilik ediljekdigi bellenilýär. Bu babatda metbugat beýanatynda şeýle-de: «COVID-19 bilen baglanyşykly ýagdaýlaryň ýaramazlaşan ýagdaýynda çäklendirmeleriň gaýtadan ýola goýulmagy mümkindir» diýlip bellenilýär.

Russiýa Ýer ýüzünde koronawirus ýokanjy bilen kesellänleriň sany boýunça öňdäki orunda durýan ýurtlaryň biridir. Çeşmäniň maglumatlaryna laýyklykda, ýurtda bu kesele ýoluganlaryň sany 18 milliona ýetdi, keselden ýogalanlaryň sany bolsa 380 müň adamdan geçdi.

Soňky hepdeleriň dowamynda ýurtda koronawirus ýokanjy bilen hasaba alnanlaryň sany barha azalýar. Her günde koronawirus ýokanjy bilen bagly ortaça 2,5-3 müň adam ýüze çykýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň