«Gazpromyň» ýolbaşçysy Alekseý Miller Türkmenistana geler

13:1901.07.2022
0
11231

Türkmenistan we Russiýa energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygy dowam etdirýär. Ýakynda käbir şertnamalaryň dowam etdirilmegi barada gepleşikleri geçirmek üçin «Gazpromyň» ýolbaşçysy Türkmenistana geler.

TASS habarlar gullugyna görä, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Aşgabatda geçirilen VI Hazar sammitiniň çäginde žurnalistler bilen bolan duşuşygynda bu barada aýtdy.

Şeýle hem rus Lideri, uzak wagtlaýyn arakesmeden soňra sammitiň işiniň diýseň netijeli bolandygyny aýtdy.

Şeýle hem Putin Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň ileri tutulýan ugurlary saýlajakdyklaryny, öz aralarynda tejribelerini paýlajakdyklaryny we bu tejribelere laýyklykda esasy ugurlarda, esasan hem, senagatda we ýokary tehnologiýalarda giň hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin ädim ätjekdiklerini aýtdy.

«Gazpromyň» «Türkmengaz» bilen 2019-njy ýylda bäşýyllyk şertnama gol çekişendigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň