Dmitriý Homuha Russiýanyň «Kaluga» futbol toparynyň baş tälimçisi boldy

12:1901.07.2022
0
3647

Russiýaly hünärmen Dmitriý Homuha Kalužsk oblastynyň «Kaluga» futbol toparynyň baş tälimçisi wezipesine bellenildi. Bu barada klubyň resmi saýty habar berdi.

52 ýaşly tälimçi bilen iki ýyllyk şertnama baglaşyldy. Onuň tälimçiler ştabynda Wladimir Skokow bilen Daniil Dreswýannikow hem bar.

«Kaluga» futbol topary 2010-njy ýyldan bäri Russiýanyň Professional futbol ligasynyň üçünji toparynda çykyş edip gelýär.

Pöwrizede doglan Dmitriý Homuha türkmen futbolynyň meşhur uçurymlarynyň biridir. Ol dürli ýyllarda Aşgabatda Waleriý Nepomnýşiý, Täçmyrat Agamyradow ýaly tälimçilerden tälim aldy. Kärýerasyna 1985-nji ýylda Aşgabadyň «Kolhozçysynda» başlan Homuha Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň hem ozalky agzasydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň