Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Ýakutiýada geçirilen etnik moda festiwalyna gatnaşdy

13:1529.06.2022
0
13561
Türkmenistan Ýakutiýada geçirilen etnik moda festiwalyna gatnaşdy
Surat: asiarussia.ru

Ýakutiýada geçen «Etno-Erato» etnik moda festiwalyna Gruziýadan, Mongoliýadan, Türkmenistandan, Gazagystandan we Russiýanyň dürli welaýatlaryndan 200-den gowrak modelýerler gatnaşdy diýip, TASS habarlar gullugy habar berýär.

Bäsleşikler «Iň gowy slawýan geýimi», «Kawkaz halklarynyň iň gowy geýimi», «Iň gowy Gündogar geýimi», «Fin-ugor halklarynyň iň gowy geýimi», «Demirgazygyň, Sibiriň we Uzak Gündogar halklarynyň iň gowy geýimi», «Döwrebap geýimlerde etnik motiwler», «Etnik geýimiň gadymylygy», «Iň gowy etnik sahna geýimi» diýen ýaly ugurlar boýunça geçirildi.

Festiwalda geýimler sahna çykyşlaryndan bölekleri ýerine ýetirmek formatynda tanyşdyryldy. Bellesek, etnik modanyň bu halkara bäsleşigi 2013-nji ýylda geçen Ýewraziýa çäresinde giň gerime eýe boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň