Arhiw

Ýemenli inžener uçýan myhmanhananyň taslamasyny işläp düzdi

18:0028.06.2022
0
3088
Ýemenli inžener uçýan myhmanhananyň taslamasyny işläp düzdi

Ýemenden bolan biotehnolog we inžener Haşim al-Gaili uçýan uçar-myhmanhananyň taslamasyny işläp düzdi we oňa «Sky Cruise» diýip at berdi. Bu barada «Daily Star» neşirine esaslanyp, «Gazeta.ru» habar berdi.

Myhmanhana atom energiýasynda işlär, bu oňa elmydama asmanda bolmaga mümkinçilik berer, myhmanlar oňa adaty uçarlarda bararlar, munuň üçin myhmanhanada ýörite aerodrom bolar. Al-Gailiniň çözgüdine laýyklykda, uçary emeli aň dolandyrar, uçarman diňe onuň işine gözegçilik eder.

Bulutlaryň arasynda asylyp durjak kaşaň myhmanhanada 5 müňe çenli myhman ýerleşip biler.

Emma ýemenli inženeriň bu taslamasyna pisint etmeýänlerem ýok däl, olar uçar-myhmanhanany «Howa Titanigi» diýip atlandyrmak bilen, onuň aerodinamikanyň kanunlaryna garşy gelýändigini belleýärler. Galyberse-de, atom reaktorly uçar şäheriň üstüne gaçaýsa, munuň atom bombasynyň partlamasyna meňzeş boljakdygyny belleýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň