Türkmenistan «EKSPO – 2025» Bütindünýä sergisine gatnaşar

22:2424.06.2022
0
4043
Türkmenistan «EKSPO – 2025» Bütindünýä sergisine gatnaşar
surat: ria.ru

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda B.Atdaýew «EKSPO – 2025» Bütindünýä sergisine Türkmenistanyň gatnaşmagynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, «Ýaşaýşymyz üçin geljegiň jemgyýetini döredýäris» diýen şygar bilen guraljak bu halkara forum 2025-nji ýylyň 13-nji apreli – 13-nji oktýabry aralygynda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçiriler.

Guramaçylyk işleriniň dowamynda ýapon tarapy Türkmenistanyň Milli pawilýonyny «Durmuş mümkinçiliklerini giňeltmek» atly bölümde ýerleşdirmegi teklip edýär. Şunuň bilen baglylykda, «EKSPO – 2025» sergisinde ýurdumyzyň pawilýonyny gurmagyň taslamalaryny saýlap almak üçin ýurdumyzyň gurluşyk kompaniýalarynyň arasynda bäsleşik yglan etmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, «EKSPO –2025» dünýä derejeli halkara sergisine gatnaşmagyň möhümdigi barada aýdyp, şeýle giň gerimli gözden geçirişleriň ýurduň gazananlaryny, onuň eksport kuwwatyny açyp görkezmek, tejribe alyşmak, özara bähbitli hyzmatdaşlyk meselelerini oňyn çözmek üçin giň mümkinçilikleri açýandygyny belledi.

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, ýurduň Milli pawilýonynyň bezeg işlerinde özboluşly çözgütleriň ulanylmagy zerur bolup durýar, olarda milli binagärligiň gadymy ýörelgeleri öz beýanyny tapmalydyr.

Hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow bu babatda toplanylan oňyn tejribäni hem-de ony yzygiderli baýlaşdyrmagyň zerurdygyny belläp, wise-premýere ýurduň halkara sergisine gatnaşmagynyň ýokary derejesini üpjün etmek boýunça guramaçylyk işlerini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň