Soňky habarlar

Arhiw

Hytaý bilen Gazagystanyň serhedinden Türkiýä ugran otly Türkmenistanyň çäginden geçdi

13:3024.06.2022
0
6470
 Hytaý bilen Gazagystanyň serhedinden Türkiýä ugran otly Türkmenistanyň çäginden geçdi

Alma-ata — Türkmenbaşy — Baku — Tbilisi — Kars gatnaw ugry boýunça pomidor pastasy ýüklenen 82 sany 20 futluk konteýner otlusy Gazagystandan Türkiýä ugur aldy.

«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň habar bermegine görä, bu ýükli demir ýol ulaglary Türkmenistanyň Serhetýaka stansiýasynyň üsti Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna gelip, soňra «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» AGPJ-niň rejeli gatnawy amala aşyrýan fider gämisi arkaly bu ýerden Azerbaýjan Respublikasynyň Baku portuna ugradyldy. Häzirki wagtda bolsa ýükler Türkiýäniň Izmir şäherine tarap hereketini dowam etdirýär.

Belläp geçsek, Türkmenistanyň çäginden geçýän bu ugur boýunça halkara ýük gatnawy «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» AGPJ bilen Gazagystan Respublikasynyň demirýollarynyň golçur kärhanasy bolan «KTZ Ekspress» PJ-niň bilelikde guramagynda ilkinji gezek amala aşyrylýar.

Halkara ulag-üstaşyr geçelgesi boýunça ýerine ýetirilýän bu konteýner ýük gatnawy ýükleriň tiz eltilmegini we Hazar sebitinde halkara söwda dolanyşygynyň ýeňilleşmegini üpjün eder. Bu ugurda «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» AGPJ-niň wezipesi Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçýän halkara ýük gatnawlarynyň mümkinçilikleriniň kämilleşdirilmegine gönükdirilendir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň