Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Mary welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara gutlag hatyny iberdi

08:5522.06.2022
0
3515
Türkmenistanyň Prezidenti Mary welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara gutlag hatyny iberdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Mary welaýatynda Türkmenistanda her ýylda geçirilmegi däbe öwrülen Medeniýet hepdeligi öz işine başlar. Şanly sene mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara gutlag hatyny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginde habar berilýär.

«Sizi Mary welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň dabaraly açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, döredijilik işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Şu ýyl onunjy gezek geçirilýän Medeniýet hepdeligi ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny täze ösüşlere besleýän, eziz Watanymyzyň döredijilik kuwwatyny has-da artdyrýan özboluşly sungat baýramydyr» diýip, döwlet Baştutany gutlag hatynda belleýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň bellemegine görä, bu sungat baýramy medeniýet we sungat, döredijilik işgärlerini ylham dünýäsine ganatlandyrýar, täze, kämil eserleri döretmäge ruhlandyrýar. Medeniýet hepdeliginiň dowamynda guraljak medeni-köpçülikleýin çäreleriň her biri Türkmenistanyň medeniýet edaralarynyň alyp barýan işlerini kämilleşdirmekde, sungat ussatlarynyň özara tejribe alyşmaklarynda, ilatyň medeni aň-bilim derejesini ýokarlandyrmakda, bu ulgamdaky ösüşlerimizi giňden wagyz etmekde möhüm ähmiýete eýe bolar.

«ÝUNESKO-nyň sanawyna girizilen gymmatlyklarymyzy wagyz etmek, muzeýleriň iş tejribesini öwrenmek, özleşdirmek, öý muzeýleriniň işini kämilleşdirmek, milli taryhy-medeni mirasymyzy aýap saklamak, oba medeniýet öýleriniň işini döwrebaplaşdyrmak, tans we folklor sungatynyň gadymy nusgalaryny dikeltmek, teatr sungatynyň täze eserlerini döretmek boýunça geçiriljek maslahatlar, sergiler, täze filmleriň görkezilişleri, döredijilik toparlarynyň konsertleri Medeniýet hepdeligini ýatdan çykmajak wakalara beslär» diýip, türkmen Lideri gutlag hatynyň dowamynda belläp geçýär.

Döwlet Baştutany hepdeligiň dowamynda şahyrlarynyň gatnaşmagynda geçiriljek şygryýet agşamlary, çeper goşgy okaýyşlar bolsa türkmen edebiýatyny döwrebap eserler bilen has-da baýlaşdyrjakdygyny hem nygtaýar.

Türkmen Lideri gutlag hatynyň dowamynda türkmen halkynyň şöhratly taryhynda aýratyn orny eýeleýän gadymy Mary topragynda taryhy-medeni ýadygärliklerimiziň, milli gymmatlyklarymyzyň, tebigy täsinliklerimiziň ençemesi ýerleşýär. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizilen «Gadymy Merw» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň çägindäki, şeýle hem Goňurdepe, Daňdanakan we beýleki birnäçe taryhy ýadygärlikler medeni gymmatlyklarymyzyň, milli mirasymyzyň genji-hazynalarydygyny hem belleýär.

«Barbat Merwezi, Abdylla ibn Mübärek Merwezi, Şemseddin Merwezi ýaly alymlaryň we akyldarlaryň, şeýle hem Mahesti, Muezzi, Mollanepes ýaly şahyrlaryň, sazyň piri Baba Gammaryň ýaşap geçen Mary topragy gadymy döwürlerden bäri ylmyň, edebiýatyň, sungatyň ösen ýeri hökmünde giňden meşhurdyr. Olaryň baý edebi mirasy ýaş nesilleriň kalbynda ata-babalarymyzdan şu günlere gelip ýeten gadymy gymmatlyklarymyza söýgi döretmekde, buýsançly taryhymyzy giňden wagyz etmekde aýratyn ähmiýetlidir» diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow belläp geçýär.

Gutlag hatynyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň dabaraly açylmagy bilen oňa gatnaşyjylary ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, Bu sungat baýramyna gatnaşyjylara berk jan saglyk, uzak ömür we döredijilik üstünliklerini arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň