Türkmenistanda Halkara ýoga güni bellenildi

14:4921.06.2022
0
6226
Türkmenistanda Halkara ýoga güni bellenildi
Surat: Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi saýty

Aşgabat şäheriniň «Bagtyýarlyk» sport toplumynyň Ýoga we adaty lukmançylyk merkezinde Halkara ýoga gününe bagyşlanyp dabara geçirildi. Oňa paýtagtyň ýaşaýjylarynyň 200-e golaýy gatnaşdy. Bu barada Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi saýtynda bellenilýär.

Bu çäre Türkmenistanyň goldaw bermegi bilen Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan guraldy.

«Bagtyýarlyk» sport toplumyna ýygnananlar açyk meýdançada ýoga we beýleki maşklary ýerine ýetirdiler.

Halkara ýoga güni Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2014-nji ýylda esaslandyrylyp, 2015-nji ýyldan bäri her ýylyň 21-nji iýunynda giňden bellenilip geçilýär. Hindistan tarapyndan öňe sürlen bu başlangyç BMG agza döwletleriň 175-isi tarapyndan ykrar edildi.

Aşgabatdaky Ýoga we adaty lukmançylyk merkezi 2015-nji ýylyň iýul aýynda Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modiniň Türkmenistana bolan resmi saparynyň dowamynda açylyp ulanmaga berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň