Turkmenportal logo
21.06.22
38773877
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Russiýada şekeriň zyýansyz oruntutary döredildi
Russiýada şekeriň zyýansyz oruntutary döredildiSurat: mir24.tv

Russiýanyň Wýatskiý döwlet uniwersitetiniň (Kirow) alymlary şekeriň zyýansyz oruntutaryny almagyň usulyny işläp taýýarladylar. Bu babatda süýji brazzein belogy uglewod şekeriniň ornuny tutup biler we semremege garşy göreşmäge ýardamyny ýetirip biler diýip, mir24 saýtynda beýan edilýär.


Brazzeiniň mutant görnüşleriniň biosintezi üçin genetiki gurluşlary döretmekde alymlar belogyň inženerçilik usullaryny ulandylar. Brazzein adaty şekerden 2000 esse süýji bolup, onuň giňden ulanylmagy bolsa naharda «gizlin şekeriň» azaldylmagy, önümleriň kaloriýasynyň peselmegi hem-de semremege garşy göreşmek üçin amatlydyr.