Aşgabatda raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi geçiriler

10:2921.06.2022
0
2685
Aşgabatda raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi geçiriler

2022-nji ýylyň 9-njy iýulynda Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Baş prokuraturasynyň, Ýokary kazyýetiniň işgärleriniň we Aşgabat şäher adwokatlar kollegiýasynyň agzasynyň gatnaşmaklarynda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi geçiriler.

«Нейтральный Туркменистан» gazetiniň habar bermegine görä, kabul edişlik Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 150-nji jaýynda, ýagny Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň binasynda sagat 09:30-dan 12:00-a çenli geçiriler.

Habarlaşmak üçin telefon belgiler: 39-19-20; 39-19-21.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň