«Xiaomi» bir gezeklik satuwda 3 millard dollara golaý möçerdäki harytlaryny satdy

13:4720.06.2022
0
2857
«Xiaomi» bir gezeklik satuwda 3 millard dollara golaý möçerdäki harytlaryny satdy
Surat: ferra.ru

Bir gezeklik, ýa-da başgaça gysga wagtlyk köpçülikleýin satuwyň netijesinde «Xiaomi» kompaniýasy 3 milliard dollara golaý möçberdäki harytlaryny satmagy başardy. Satuwyň dowamynda brendiň önümleri JD.com, Tmall, Pinduoduo, Douyin hem-de Kuaishou ýaly Hytaýyň 5 sany iri söwda meýdançalarynda satyldy.

Ferra.ru saýtynyň habar bermegine görä, kompaniýa bary-ýogy birnäçe hepdäniň dowamynda 2,8 milliard dollara barabar bolan harytlaryny satdy. Olaryň hatarynda iň meşhury hem Xiaomi 12 enjamy boldy. Beýleki smartfonlar hem bu ugurda ünsden düşmedi, olardan Redmi K50 350-400 dollar aralygyndaky baha kategoriýasynda, Redmi K50 Pro bolsa 450-600 dollar baha kategoriýasynda köp mukdarda satyn alyndy.

Şeýle hem Xiaomi telewizorlary alyjylar köpçüliginiň giňden ünsüni çekdi. Umumylykda bolsa, JD.COM hem-de Tmall söwda meýdançalarynda onuň satuwy ilkinji orunda durdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň