Turkmenportal logo
18.06.2022
16661666
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Dubaýda sebitde iň uly döwrebap kitaphana açyldy
Surat: mediaoffice.ae

Dubaýyň emiri Muhammed bin Raşid Al Maktum düýn, annada Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) işewürlik merkezinde öz adyny göterýän iri kitaphana toplumyny açdy. Bu barada «Al Arabia» gullugy habar berdi.


Kitaphanada dürli eserleriň giň toplumy iň häzirkizaman ýedi gatly binada ýerleşdirildi, ony gurmak üçin 272 million amerikan dollary sarp edildi diýip, «Trend» TASS habarlar gullugyna esaslanyp ýazýar.


Täze kitaphana Pars aýlagynyň kenarlarynda «medeni şamçyrag» bolar diýlip habarda bellenýär.



Dabarada eden çykyşynda Dubaýyň emiri täze nesiller üçin medeni we intellektual merkeziň açylýandygyny, onuň kömegi bilen okamagy wagyz etmekçidiklerini, bilimiň ýaýradyljakdygyny, alymlaryň we ylym işgärleriniň goldanyljakdygyny belledi. «Biziň maksadymyz adam aňyny nurlandyrmakdan ybaratdyr» diýip, Muhammed bin Raşid Al Maktum nygtady.


Dubaýyň kitaphana merkezinde arap we daşary ýurt dillerindäki bir milliondan gowrak çap we sanly neşirler, 6 milliondan gowrak dissertasiýa, 73 müň töweregi saz partituralary, 75 müň sany wideoşekil, 13 müň töweregi sanlylaşdyrylan ylmy makalalar, soňky 325 ýylda neşir edilen 5 müň töweregi taryhy we sanly sebit žurnallary, bütin dünýäden 35 müň töweregi çap hem-de sanly gazet-žurnallar, şeýle-de 500 sany seýrek gymmatlyklar ýygnaldy.