Soňky habarlar

Arhiw

Tagtabazar etraby Türkmenistanda ilkinji bolup galla ýygnamak borçnamasyny berjaý etdi

20:4517.06.2022
0
2199
Tagtabazar etraby Türkmenistanda ilkinji bolup galla ýygnamak borçnamasyny berjaý etdi

Mary welaýatynyň Tagtabazar etraby şu ýyl ýylynda 7500 gektarda ýetişdirilen bugdaýdan 17300 tonnanyň ýerine 17335 tonnadan geçirip bereketli hasyl almagyň hötdesinden geldiler. Bu baradaky tabşyryk 100,33 göterim ýerine ýetirildi. Ortaça her gektardan alnan hasyl 23 sentnere barabar boldy. Bu zähmet üstünliginiň gazanylmagyna etrabyň ähli daýhan birleşikleriniň, hususan-da, «Marçak», «Saryýazy», «Azatlyk», «Ýaşlyk» daýhan birleşikleriniň uly goşant goşandyklaryny bellemek gerek. Ýeri gelende aýtsak, kombaýnlar, ýük daşaýjy awtoulaglar gije-gündiz bökdençsiz işledilýär. Etrabyň «Marçak» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Muhammetaman Omarow 2 gektardan 9360 kg, «Ýaşlyk» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Töremyrat Işangeldiýew 3 gektardan 16800 kg, «Azatlyk» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Altynjemal Taganowa 1 gektardan 5483 kg, «Saryýazy» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Ogulgerek Weliýewa 2 gektardan 10195 kg hasyl almagyň hötdesinden geldiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň