Turkmenportal logo
15.06.22
58325832
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
NBA-nyň 75 ýyllygy mynasybetli Hennessy adaty bolmadyk grafinlerde konýak çykardy
 NBA-nyň 75 ýyllygy mynasybetli Hennessy adaty bolmadyk grafinlerde konýak çykardy

Fransiýanyň meşhur konýak öýleriniň biri bolan Hennesy NBA-nyň 75 ýyllygy mynasybetli içgisiniň ýubileý tapgyryny çykardy. 1979-njy ýylyň Hennessy Paradis-y basketbol toplarynyň şekilinde taýýarlanan ýörite grafinlere guýuldy. Özboluşly grafin Baccarat hrustalyndan ýasalyp, elde taraşlanandyr. Onuň ýüzünde bazketbol topunyň nagyşlaryna çalymdaş altyn zolaklary görmek bolýar.



Grafin amerikaly zergär Lorenso Boýmer tarapyndan ýerine ýetirildi. Hennessy Paradis x NBA ýörite tapgyry agaç sandyjak, iki sany şar görnüşli bokal we açardan ybarat. Bokallar hem Baccarat hrustalyndan edilen. Açar bilen sandyjak hem-de hrustal grafiniň gapagy açylýar diýip, elitethings.com habar berýär.