Top.Mail.Ru

Arhiw

Türkmenistanda ýaş hünärmenler işe kabul edilende ýeňillikli girdeji salgydy kesgitleniler

16:2915.06.2022
0
18585

Türkmenistanda ýaş hünärmenler işe kabul edilende ýörite ýeňillikli girdeji salgydy kesgitleniler. Bu hili goşmaçany «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmak meýilleşdirilýär. Bu barada Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sişenbe güni Maslahatlar merkezinde ýaşlaryň gatnaşmagynda geçirilen duşuşygyň barşynda belledi.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýtmagyna görä, täze Kanunyň kabul edilmegi bilen, 7-nji bendi goşmak, ýagny bilim edarasyny tamamlan, ýaňy işe kabul edilen ýaş hünärmenleriň girdeji salgydyny zähmet döwrüniň 1-nji ýylynda bellenilen kadasyndan 50 göterim, 2-nji we 3-nji ýylynda 25 göterim ýeňillikli tölemeginiň tertibini kesgitlemek teklip edildi.

Duşuşygyň barşynda şeýle-de bu Kanunyň 20-nji maddasynyň 13-nji bendinden soň 14-nji bendi goşmak, ýagny ýaşlarda okuwyň üznüksizligini gazanmak we olary hünäre ugrukdyrmak maksady bilen, orta mekdebi tamamlan ýaş oglanlaryň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň giriş synaglaryna gatnaşmagy üçin bir gezek mümkinçilik döretmek şerti bilen, harby gullugyň möhletini wagtlaýyn yza süýşürmek meselesiniň öwrenilmeginiň maksadalaýyk boljakdygy nygtaldy.

Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem telekeçiler tarapyndan döredilen kärhanalarda işleýän işgärleriň 75 göterimi ýaşlar bolsa, olary «ýaşlar kärhanasy» diýip atlandyryp, şeýle kärhanalary döwlet tarapyndan goldamak boýunça ýeňillikler göz öňünde tutulmalydyr diýip belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň