Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Eýranyň Beýik ruhy lideri bilen duşuşdy

14:0815.06.2022
0
5858
Serdar Berdimuhamedow Eýranyň Beýik ruhy lideri bilen duşuşdy
Surat: The Iranian Students News Agency (ISNA)

Tährana saparynyň çäklerinde şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Eýran Yslam Respublikasynyň ruhy lideri Aýatolla Ali Hameneýi bilen duşuşygy boldy. Duşuşyga Eýranyň Seýed Ebrahim Raisi we beýleki türkmen-eýran resmi wekilleri gatnaşdylar. Bu barada IRNA habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda Eýranyň Beýik ruhy lideri türkmen-eýran gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi baradaky garaýyşlaryny beýan etdi. Bellenilşi ýaly, Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda ýola goýlan gatnaşyklar has ir döwürlerden gözbaş alýar. Şol gatnaşyklary häzirki döwürde täze derejä çykarmak boýunça ýola goýulýan hyzmatdaşlyk örän möhüm ähmiýete eýedir. Iki ýurt sebit we halkara derejesinde arkalaşyk, birek-birege hormat goýmak, özara bähbitli hyzmatdaşlyk arkaly dünýä ýüzüne nusga görkezip bilýärler. Şonuň üçin-de ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy ilerletmek maksady bilen, bilelikdäki toparlary döretmeli.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň täze derejelere çykýandygy, şu gün Tähranda geçirilen gepleşikleriň hem iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylýandygyna şaýatlyk edýändigini belledi.

Eýran Yslam Respublikasynyň ruhy lideri Aýatolla Ali Hameneýi duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidentine eýran-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmäge berýän ünsi we goldawy üçin hoşallyk bildirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň