Soňky habarlar

Arhiw

Täjigistanyň futbol ýygyndysy taryhynda ilkinji gezek Aziýanyň kubogyna gatnaşar

11:5014.06.2022
0
7003

Täjigistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy taryhynda ilkinji gezek Aziýanyň kubogyna gatnaşmaga hukuk gazandy. Bu barada ýurduň Futbol federasiýasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Yklym ýaryşynyň saýlama tapgyrynda «F» toparça wekilçilik eden täjik ýygyndysyna horwatiýaly hünärmen Petr Segrt tälim berýär.

Indiki ýylyň 16-njy iýunyndan 16-njy iýuly aralygynda geçiriljek yklym ýaryşyny kabul etjek döwlet AFK-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň şu ýylyň 17-nji oktýabrynda geçiriljek mejlisinde belli bolar.

FIFA 1994-nji ýylda agza bolan Täjigistanyň futbol federasiýasy häzir reýtingde 114-nji orny eýeleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň