Soňky habarlar

Arhiw

«Deňizçi» futzal boýunça Balkan welaýatynyň kubogyna mynasyp boldy

23:5611.06.2022
0
2268

Balkan welaýatynyň Sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň, Balkan welaýatynyň Futbol federasiýasynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat birleşiginiň hem-de Balkan welaýatynyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň birleşiginiň bilelikde guramagynda futzal boýunça Balkan welaýatynyň Kubogy ugrundaky ýaryş geçirildi. Bu barada TFF-niň resmi saýty habar berdi.

Toparlaryň ýedisiniň gatnaşmagynda geçirilen Kubok ugrundaky bäsleşigiň jemi boýunça Türkmenbaşy şäheriniň “Deňizçi” topary baş baýraga mynasyp boldy.

Toparlar deslapky tapgyrda iki toparçada bäsleşip, onuň netijesinde ýarymfinal jübütleri belli boldy. Bu abraýa Balkanabat şäherindäki Türkmennebit döwlet konserniniň (TNDK) toparyndan üstün çykan “Deňizçi” bilen “BTUM-dan üstün çykan “Gumdag” toparlary mynasyp boldular.

Balkanabat şäherindäki sport toplumynda geçirilen aýgytlaýjy duşuşykda ynamly oýun görkezen “Deňizçi” topary garşydaşyndan uly hasap bilen (8:1) üstün çykdy. Ýeri gelende bellesek, ‘Deňizçi” topary geçen möwsümde ýurdumyzyň futzal boýunça Naýbaşy ligasyny ýeňiş bilen tamamlamagy başarypdy.

Ýeňiji bolan toparyň oýunçysy Abdylla Nursähedow derwezelere geçiren 7 topy bilen ýaryşyň iň netijeli oýunçysy diýlip yglan edildi.

Kubok bäsleşiginiň duşuşyklarynyň yzysüresi baýrak gowşurylyş dabarasy geçirilip, ýeňijidir baýrakly orunlara mynasyp bolan toparlara baýraklar gowşuryldy.

Ýarym final duşuşyklary:
“Gumdag” – BTUM – 3:2
“Deňizçi” – TNDK – 12:0

Final:
“Deňizçi” – “Gumdag” – 8:1

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň