Turkmenportal logo
13.06.22
66806680
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Britaniýaly zenan Atlantika ummanyny ýüzüp geçip dünýä rekordyny goýdy
Britaniýaly zenan Atlantika ummanyny ýüzüp geçip dünýä rekordyny goýdySurat: redbull.com

Britaniýaly Wiktoriýa Ewans ýekelikde Atlantika ummanyny ýüzüp geçmek bilen, Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girmegi başardy. Interfax-yň habar bermegine laçyklykda, zenana bu aralygy gaýykda ýüzüp geçmek üçin 40 gün, 21 sagat hem-de 1 minut gerek boldy.


Wiktoriýa Ewans öz gaýygy bilen Ispaniýanyň Tenerife şäherinden Barbadosyň Port Sankt-Çarlz şäherine barýan söwda ýolunyň ugrundan ýüzdi. Ginnesiň rekordlar kitabyna beren interwýusynda Ewans: «Biziň jynsymyzyň gowşak diýlip atlandyrylýan günleri ahyrlandy, bu ýazgy ähli aýal-gyzlara başarnygymyzy görkezer diýip umyt edýärin» – diýip belledi.


Bu babatdaky ozalky rekord atlantika ummanyny 49 gün, 7 sagat we 15 minutda ýüzüp geçen britaniýaly zenan Kiko Metýuza degişlidi.