Soňky habarlar

Arhiw

Moskwada dünýäniň iň uly Ýeňiş baýdagyny ýaýdylar

23:4812.06.2022
0
3364
Moskwada dünýäniň iň uly Ýeňiş baýdagyny ýaýdylar

«Непокоренные» halkara taslamasyna gatnaşyjylar tarapyndan ini 30 metr, uzynlygy 60 metr hem-de umumy meýdany 2 022 inedördül metre deň bolan dünýäniň iň uly Ýeňiş baýdagy Moskwadaky Poklonnyý dagynda gazanylan ýeňşiň Muzeýiniň öňünde ýerleşdirildi. Bu barada TASS agentligi habar berýär.

Ýeňiş baýdagy Moskwadan Brest galasyna çenli aralykda 11 sany gahrymançylykly şäherde giňden ýaýyldy. Mundan başga-da işjeň ýardamçylar Kremlden «baky ody» alyp Breste çenli elterler.

«Непокоренные» taslamasy GDA döwletleriniň ýaşlarynyň arasynda jemgyýetçilik diplomatik hem-de halkara hyzmatdaşlyklaryny ösdürmäge gönükdirilendir. Bu ýylda dostluk çäresi 11 — 23-nji iýunda Russiýadan Belarusa çenli aralykda geçirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň