Germaniýada Passau şäherinde ýerleşen çörek bişirilýän gadymy kärhanasy ýapylýar. Kärhana 245 ýyllap arasyny üzmän işledi, iki Jahan urşuny, ýurtda syýasy ulgamyň çalyşmagyny we iki ýarym asyryň ykdysady çökgünligini başdan geçirdi.
Muňa garamazdan, energiýa, çig mala çykdajynyň artmagy we işgär ýetmezçiligi zerarly kärhananyň eýeleri ony ýapmaga mejbur boldular. Passaunyň tas 10 nesliniň diýen ýaly kärhananyň çörek önümlerini iýip ulalan ýaşaýjylary onuň ýapylmagyna gynanýarlar diýip, mir24 habar berýär.