Turkmenportal logo
11.06.22
1709517095
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň futbol ýygyndysy Aziýanyň kubogy-2023-iň saýlama tapgyrynda Bangladeşi ýeňdi
Türkmenistanyň futbol ýygyndysy Aziýanyň kubogy-2023-iň saýlama tapgyrynda Bangladeşi ýeňdi

Şu gün, 11-nji iýunda Aziýa kubogy – 2023-iň saýlama tapgyrynda Türkmenistanyň milli ýygyndysy ikinji tapgyryň çäginde Bangladeşiň ýygyndy topary bilen duşuşdy.


Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherindäki «Bukit Jalil» stadionynda geçirilen oýun 2:1 hasabynda ildeşlerimiziň peýdasyna tamamlandy.


Oýnuň 7-nji minudynda Altymyrat Annadurdyýew hasaby açdy. 11-nji minutda Muhammet Ibrahim hasaby deňledi. Duşuşygyň 77-nji minudynda Arslanmyrat Amanow hasaby 2:1-e ýetirip, ýygyndymyza ýeňiş getiren goly derwezä girizdi.


Milli ýygyndylaryň öz aralarynda ilkinji duşuşygyny geçirendigini hem bellemek gerek.


Bangladeşiň ýygyndysynyň FIFA-nyň reýtinginde 188-nji orunda, Türkmenistanyň bolsa 134-nji orunda durandygyny ýatladýarys.


Geçirilen duşuşyklardan soň 3 utuk toplan Türkmenistanyň milli ýygyndysy toparçada üçünji orny eýeleýär.


Ýurdumyzyň milli ýygyndysy 14-nji iýunda üçünji tapgyryň duşuşygynda Bahreýniň milli ýygyndysy bilen duşuşar.