Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futbol ýygyndysy Bangladeş bilen duşuşyga ak lybasda çykar

12:0011.06.2022
0
4285

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň Aziýanyň kubogy ― 2023-iň saýlama tapgyrynyň çäginde Bangladeşiň ýygyndysy bilen boljak duşuşykda haýsy reňkdäki lybasda çykyş etjekdigi belli boldy.

Türkmen ýygyndysy ak reňkli Jako lybasynda meýdana çykar. Garşydaş ýygyndy bolsa tutuşlygyna gyzyl reňki lybas geýer.

Duşuşyk şu gün Kuala-Lumpur şäherindäki «Bukit Jalil» stadionynda geçiriler. Aşgabat wagty bilen 14:15-de başlanjak duşuşyk Astro Arena teleýaýlymy arkaly göni ýaýlymda görkeziler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň