Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky söwda dolanyşygy ýylyň birinji çärýeginde 45 göterim ýokarlandy

17:0110.06.2022
0
8392

Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky söwda dolanyşygy şu ýylyň birinji çärýeginde 45 göterimden gowrak ýokarlandy we 171,1 million dollara barabar boldy. Bu barada RT Prezidentler Serdar Berdimuhamedow bilen Wladimir Putiniň arasyndaky gepleşiklere salgylanyp habar berdi.

2022-nji ýylyň ýanwar ― mart aýlarynda Russiýanyň Türkmenistana eksporty 49,3 göterim (124 million dollara çenli), Türkmenistandan importy bolsa 35 göterim (47,1 million dollara çenli) ýokarlandy.

Russiýa Türkmenistandan dokma we aýakgap, azyk önümlerini, himiki önümleri we rezin import edýär.

Öz gezeginde Russiýanyň Türkmenistana eksportynyň esasy ugurlaryna tehnika, enjamlar we ulaglar, azyk önümleri we oba hojalygy üçin çig mallar, himiýa önümleri, metallar we beýleki önümler girýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň