Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenbaşy we Astrahan doganlaşan şäherlere öwrüldi

10:4010.06.2022
0
8027

9-njy iýunda Moskwa şäherinde Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi Batyr Nyýazlyýew bilen Astrahan oblastynyň häkiminiň orunbasary Oleg Knýazewiň arasynda gepleşik geçirildi. Bu barada Astrahan oblastynyň Daşary gatnaşyklar ministrligi habar berýär.

Duşuşykda taraplar Astrahan bilen Türkmenbaşy şäherleriniň arasynda doganlaşmak boýunça şertnama gol çekdiler.

Duşuşygyň dowamynda edilen çykyşlarda Astrahan sebitiniň gübernatory Igor Babuşkiniň 2021-nji ýylyň dekabrynda Aşgabat şäherine bolan saparynyň dowamynda bu netijä gelnendigi bellenilýär.

Oleg Knýazew öz çykyşynda:

«Türkmenistan Astrahan oblastynyň dosty hem-de ygtybarly hyzmatdaşy hasaplanýar. Söwda, ulag, logistika, senagat, bilim we beýleki ugurlarda gatnaşyklary ösdürýäris. Sebitara gatnaşyklaryň ösdürilmegi biziň gatnaşyklarymyzda täze tapgyr bolar» diýip belläp geçýär.

Mundan başga-da, Astrahan oblasty bilen Balkan welaýatynyň arasyndaky gatnaşyklaryň gerimini has-da giňeldip boljakdygy bellenildi. Ilki bilen onuň deňiz ulagy, gämi gurluşygy we syýahatçylygy ösdürmek boýunça hyzmatdaşlykdygyny belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň