Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ýaponiýada türkmen halkynyň taryhyna we medeniýetine bagyşlanan kitap neşir edildi

15:4609.06.2022
0
5164

Ýaponiýada türkmen halkynyň geçmiş taryhy we medeniýeti, şeýle-de milli gymmatlyklary baradaky gymmatly maglumatlary özünde jemleýän kitap neşir edildi. Neşir «Türkmenistany halaýanlar üçin kitap» diýlip atlandyryldy.

Ýaponiýanyň ilçihanasynyň habar berşi ýaly, kitabyň Türkmenistanda birnäçe wagtlap ýaşan awtory türkmen halkynyň taryhy, medeni mirasy hem-de taryhy-jemgyýetçilik durmuşy dogrusynda uly gyzyklanma bilen giňişleýin gürrüň berýär.

«Kitaby okanlaryndan soň, Ýaponiýada Türkmenistan bilen gyzyklanýanlaryň sany barha artar diýip umyt edýäris» – diýip, ýapon wekilliginiň beýanatynda bellenilýär.

Belläp geçsek, şu ýylda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň diplomatik gatnaşyklary ýola goýmagynyň 30 ýyllygy bellenilýär.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, türkmen teleýaýlymyndan ýaponlaryň «Goçiso-san» teletapgyry tomaşaçylara ýetirilip başlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň