Türkmenistanda Berdimuhamet Annaýewiň adyny göterýän mekdebiň durky abatlanar

22:3008.06.2022
0
5155

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda ýerleşýän, Berdimuhamet Annaýew adyndaky 27-nji orta mekdebiň binasynda düýpli abatlaýyş işleri geçiriler. Bu baradaky degişli Resminama Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün gol çekdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Berdimuhamet Annaýew adyndaky 27-nji orta mekdebiň binasynda geçiriljek düýpli abatlaýyş işlerini «Myhmansöýer» hususy kärhanasy alyp barar. Prezident Serdar Berdimuhamedow bu hususy kärhana bilen şertnama baglaşmaga Türkmenistanyň Bilim ministrligine ygtyýar berildi.

Mekdebiň binasynyň düýpli abatlaýyş işlerine 2022-nji ýylyň iýun aýynda başlanyp, 2022-nji ýylyň awgust aýynda tamamlanar.

Berdimuhamet Annaýew Türkmenistanyň eks-prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasydyr. Ol Yzgant obasynda dünýä inýär. Oba mugallymy, mekdep müdiri bolup zähmet çekýär. Beýik Watançylyk urşuna gatnaşdy we 2-nji topar maýyp hökmünde frontdan gaýdyp geldi. Öýüne gaýdyp gelenden soň, mekdepde mugallymçylyk kärini dowam etdirdi. Ol 1948-nji ýylda Aşgabat ýer titremesinde aradan çykdy.

Belläp geçsek, Berdimuhamet Annaýewiň adyndaky 27-nji orta mekdep 2009-njy ýylyň 1-nji sentýabrynda açyldy.

Şeýle-de, okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň