Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly ýüpekçiler piläniň 2300 tonnadan gowragyny taýýarladylar

21:2408.06.2022
0
4880

Türkmenistanyň ýü­pek­çi­le­ri Wa­tan har­ma­ny­na 2300 ton­na­dan gow­rak pi­le tab­şy­ryp, dok­ma pu­da­gy üçin bu gym­mat­ly çig ma­ly taý­ýar­la­mak boýunça şert­na­ma­la­ýyn borç­na­ma­la­ry­ny ab­raý bi­len ýe­ri­ne ýe­tir­di­ler. Bu barada türkmen telewideniýesiniň «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Pre­zi­den­t Ser­dar Berdimuhamedow şu gün möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk iş­le­ri­niň al­nyp bar­ly­şy ba­ra­da ge­çi­ren mas­la­ha­tyn­da gel­jek­de ýü­pek­çi­li­ge goý­be­ril­ýän ma­ýa go­ýum se­riş­de­le­ri­niň möç­be­ri­niň has-da art­dy­ryl­ma­gy­nyň göz öňün­de tu­tul­ýan­dy­gy­ny, mu­nuň bol­sa ila­ty­myz üçin goş­ma­ça iş orun­la­ry­ny dö­ret­mä­ge, gym­mat­ly çig ma­lyň ön­dü­ril­ýän muk­da­ry­ny art­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­jek­di­gi­ni bel­le­di. Hut şu iş­ler hem ýü­pek­çi­lik pu­da­gy­ny ös­dür­mä­ge uly äh­mi­ýet be­ril­ýän­di­gi­ni do­ly ýü­ze çy­kar­ýar.

Hä­zir­ki wagt­da ýü­pek önüm­çi­li­gi döw­rüň ösen ta­lap­la­ry esa­syn­da ýo­la go­ýul­dy. Aş­ga­ba­dyň ýü­pek fab­ri­gi we Türk­me­na­ba­dyň ýü­pek önüm­çi­lik bir­le­şi­gi ön­dü­ril­ýän ýü­pe­gi gaý­ta­dan iş­le­ýän esa­sy kär­ha­na­lar bo­lup, olar do­ly döw­re­bap­laş­dy­ryl­dy hem-de hä­zir­ki za­man en­jam­la­ry bi­len üp­jün edil­di. Bu kär­ha­na­lar­da ýü­pek ha­ly­la­ry­ny, mil­li ke­te­ni ma­ta­la­ry­ny we beý­le­ki önüm­le­ri taý­ýar­la­mak üçin tä­ze önüm­ha­na­lar açyl­dy. Hä­zir­ki za­man en­jam­la­ry bi­len en­jam­laş­dy­ry­lan kär­ha­na­lar­da dün­ýä ba­zar­la­ryn­da uly is­le­ge eýe bo­lan önüm­ler — çig ýü­pek, in­çe ýü­pek ýüp­lük, ma­ta­la­ryň dür­li gör­nüş­le­ri taý­ýar­la­nyl­ýar. Bu önüm­ler iň ýo­ka­ry hal­ka­ra ül­ňü­le­re la­ýyk gel­ýär. Ýü­pek sü­ýü­min­den baş­ga-da, aja­ýyp ýü­pek ha­ly­lar, ke­te­ni ma­ta­la­ry­dyr gy­ňaç­lar ön­dü­ril­ýär. Bu önüm­ler da­şa­ry ýurt­ly sarp edi­ji­le­riň uly is­le­gin­den peý­da­lan­ýar.

Türk­me­na­ba­dyň ýü­pek önüm­çi­lik bir­le­şi­gi aras­sa ýü­pek­den ma­ta­la­ryň we ti­kin önüm­le­ri­niň dür­li gör­nüş­le­ri­ni öndürip, mö­hüm bu­ýur­ma­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­mek — türk­men hü­när­men­le­ri ta­ra­pyn­dan iş­le­nip taý­ýar­la­ny­lan baý­dak ma­ta­syn­dan Döw­let baý­dak­la­ry­ny taý­ýar­la­mak bi­len meş­gul­lan­ýar. Ýü­pek sü­ýü­mi paý­tag­ty­myz­da­ky pan­bar­hat ma­ta­sy­ny ön­dür­ýän fab­ri­giň bök­denç­siz iş­le­me­gi­ni üp­jün ed­ýär. Bu owa­dan ma­ta bü­tin dün­ýä­de ze­nan­la­ryň ara­syn­da uly meş­hur­ly­ga eýe­dir. Kär­ha­na­da ýü­pek çig ma­ly­ny il­kin­ji ge­zek gaý­ta­dan iş­le­mek­den baş­lap, dün­ýä ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän ýo­ka­ry hil­li taý­ýar önüm­le­ri ön­dür­mä­ge çen­li do­ly önüm­çi­lik ul­ga­my ta­kyk ýo­la go­ýul­dy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň