Hazar deňzinden Aşgabada suw ibermek mümkinçilikleri öwreniler

21:5308.06.2022
0
26820

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradow bilen sanly ulgam arkaly geçiren maslahatynyň dowamynda suw bilen bagly meseleleri hem maslahatlaşdy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, döwlet Baştutany 11-nji iýunda Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň geçiriljekdigini aýdyp, suw bilen bagly bar bolan kynçylykly ýagdaýlary göz öňünde tutup, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň ýolbaşçylygynda Hökümet toparyny döretmek baradaky kararyň taslamasyny taýýarlamagy, bu Toparyň düzümine Ýokary gözegçilik edarasynyň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, ylmy institutlaryň, welaýatlaryň häkimlikleriniň we beýleki edaralaryň ýolbaşçylaryny goşmagy tabşyrdy. Şeýle-de wise-premýere Amyderýadan we Garagum derýasyndan başlap, derýalaryň hanasynda barlaglary geçirmegiň, suwuň akymynyň geçmeýändiginiň sebäplerini anyklamagyň, kemçilikleri düzetmek boýunça çäreleriň meýilnamasyny düzmegiň hem-de çäreleriň meýilnamasyny amala aşyrmaga gyssagly girişilmeginiň zerurdygyny, derýalar bilen birlikde, esasy suw akabalarynda hem barlaglary geçirilmelidigini, olary arassalamak, betonlamak boýunça çäreleriň meýilnamasyny düzüp, ony amala aşyrmaga girişmelidigini, suw süýjediji desgalaryň gurluşyk işlerine başlamak we Hazar deňzinden Aşgabada suw ibermek boýunça mümkinçiliklere seredilmelidigini aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň