Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Merkezi banky karz edaralarynyň karz bermeginiň täze Düzgünnamasyny tassyklady

21:0007.06.2022
0
50265

Türkmenistanyň Merkezi banky karz edaralarynyň karz bermeginiň täze Düzgünnamasyny tassyklady. Resminama Adalat ministrliginiň Hukuk maglumatlary portalynda neşir edildi.

Resminama laýyklykda, karz alyjylar karz serişdesini almak üçin ýaşaýan ýerine garamazdan, islendik karz edarasyna ýüz tutup bilerler. Karzlar gysga möhletli (12 aýa çenli) we uzak möhletli (12 aýdan köp) görnüşe bölünýär.

Karz serişdesini bermek ýa-da bermekden ýüz öwürmek hakynda karary karz edarasynyň ýörite topary kabul edýär. Bu topar arza berlenden soň 10 iş gününiň dowamynda karz alyjyny çykaran karary hakynda habardar etmeli.

Şeýle hem täze Düzgünnamada karzlaşdyrmagyň şertleri, maksatlary, pul serişdelerini almak üçin nähili resminamalaryň gerekdigi düşündirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň