Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenfilmde» täze çeper film surata düşürilýär

21:1306.06.2022
0
7786

Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň döredijilik topary tarapyndan «Uly baýragyň gymmaty» atly täze film surata düşürilýär.

Filmiň edebi esasyny ýazan doganlar Hydyr we Ylýas Amangeldiýewler, režissýory Wepa Işangulyýewdir.

«Türkmenistan: Altyn asyr» web-saýtynyň habar bermegine görä, filmde zehinli, ussat seýisleriň maşgala durmuşy barada gürrüň edilýär. Aýratyn hem filmde Nury aga we onuň Tumar atly atynyň ykbaly baradaky wakalar beýan edilýär.

Filmiň režissýory Wepa Işangulyýew: «Talyplyk ýyllarymda bedewler baradaky birnäçe filmde surata düşdüm. Režissýor bolanymdan soň Köpetdag diýen bedew hakyndaky «Köpetdag ‒ türkmen esgeriniň arzuwy» we «Galkynyş» atly filmler surata düşürilende, seýisleriň bedewlere aýratyn çemeleşişleri meniň ünsümi çekdi. Şonuň üçin-de «Uly Baýragyň gymmaty» filminiň edebi ýazgysyny okap, türkmen bedewlerini ýetişdirmäge ýürekden berlen seýsiň, yhlasly zähmetkeşiň ykbalyny beýan edýän filmi surata düşürmäge başladyk» diýip gürrüň berýär.

Täze surata düşürilýän filmde Nury seýisiň keşbinde Türkmenistanyň halk artisti Annamuhammet Gurbanow çykyş edýär.

Filmiň görkezilişi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bolar diýlip garaşylýar.

Şeýle-de, okaň:

Çingiz Aýtmatowyň powestiniň gahrymanlary ýene Lebabyň döwlet sazly-drama teatrynda sahna çykýarlar

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň