Aşgabatda talyplaryň arasynda ekologiýa boýunça bäsleşik geçirildi

14:0905.06.2022
0
5814

Bu gün Türkmenistanda baýram edilýän şanly seneleriň hatarynda özboluşly orna eýe bolan Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä güni giňden bellenilip geçilýär.

Bu sene mynasybetli Aşgabat şäherinde talyp ýaşlaryň arasynda ekologiýa boýunça bäsleşik geçirildi. Bäsleşik Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň döwlet muzeýi hem-de Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýeti tarapyndan guraldy diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» internet neşirinde habar berilýär.

Ekologiýa boýunça bäsleşikde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinden, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinden, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyndan, Aşgabadyň syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebinden hem-de I.M.Gandi adyndaky lukmançylyk okuw mekdebinden jemi 400-den gowrak talyp gatnaşdy.

Bäsleşikde berlen tabşyryklar test görnüşinde daşky gurşawy goramagyň iň möhüm meseleleri bilen baglanyşykly boldy.

2-nji iýunda emin agzalary bäsleşigiň netijelerini mälim etdiler. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary ekologiýa boýunça berlen sowallara has köp dogry jogaplary berdiler. Bu ugurda iň ýokary utuklary jeýhun Annaorazow, Diýar Yhtyýarow hem-de Maral Hakberdiýewa dagy mynasyp boldular.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary hem gowy netijeleri görkezmegi başardylar: Seljuk Aýdogdyýew, Amangeldi we Meýlis Asgarowlar, Aýsona Saparmämemmedowa.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinden bäsleşige 11 talyp gatnaşdy. Bu ýokary okuw mekdebinden ýokary netijeleri Allanazar Çerkezow we Ýusup Gulladyýew dagy görkezdiler.

Aşgabadyň syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebinden gatnaşan 46 gatnaşyjydan baýrakly orunlara Nurjan Sumburowa, Maýa Çaryýewa we Sapargül Annanyýazowa dagy eýe boldular.

Bäsleşige I.M.Gandi adyndaky lukmançylyk okuw mekdebinden bolsa 87 talyp gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdiler. Olardan Şasenem Ibrimowa, laçyn Paşagulyýewa, Eneş Döwranowa hem-de Jahan Hudaýlyýewa dagy ýeňiş gazandylar.

Bäsleşikde oňyn netijeleri görkezip tapawutlanan we has ýokary netijelere eýe bolan talyplara Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýeti tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň