Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň şu ýylyň bäş aýynyň netijelerine bagyşlap, şu gün geçiren mejlisiniň dowamynda wise-premýer Ç.Gylyjowy işde goýberen kemçilikleri üçin eýeleýän wezipesinden boşatdy.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu wezipä, ýagny Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda toplumyna gözegçilik edýän orunbasary wezipesine Türkmenistanyň Baş prokurory, ýustisiýanyň 3-nji derejeli döwlet geňeşçisi Batyr Atdaýewi belledi.
Türkmenistanyň Baş prokurorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek Baş prokuroryň orunbasary, Baş müdirligiň müdiri, ýustisiýanyň uly geňeşçisi Begmyrat Begmyradowyň üstüne ýüklendi.