Arhiw

Serdar Berdimuhamedow wise-premýer Ç.Gylyjowy wezipesinden boşatdy

22:1804.06.2022
0
15886

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň şu ýylyň bäş aýynyň netijelerine bagyşlanan mejlisini geçirdi. Mejlisiň başynda Ministrler Kabinetiniň orunbasary Ç.Gylyjow hasabat bilen çykyş etdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berilişi ýaly, döwlet Baştutanynyň bellemegine görä, ýurduň söwda toplumynda birnäçe täze mümkinçilikleriň bardygyna garamazdan, olar doly ulanylmaýar hem-de toplumy sanly ulgama geçirmek babatda ýeterlik işler geçirilmeýär, söwda ulgamynda köp sanly düzgün bozulmalara ýol berilýär. şular bilen baglylykda,Türkmenistanyň Prezidenti Ç.Gylyjow işde goýberen kemçilikleri üçin eýeleýän wezipesinden boşatdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň