Türkmenistanda ykdysadyýet boýunça talyplaryň arasynda geçiriler olimpiadanyň ýeňijileri belli boldy

11:0304.06.2022
0
6053

Türkmen döwlet maliýe instituty tarapyndan geçirilen ykdysadyýet boýunça olimpiadanyň netijeleri mälim edildi.

Olimpiada Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda geçirildi. Bu bäsleşik 12-nji iýunda bellenilýän Ylymlar gününe gabat geldi.

«Türkmenistan: Altyn asyr» web-saýtynyň habar bermegine görä, olimpiadanyň şertlerine görä, oňa her ýokary okuw mekdebinden 4 talyp gaşdy. Netijede 13 ýokary okuw mekdebinden 52 talyp gatnaşdy.

Olimpiadanyň netijeleri boýunça 4 ýeňiji we 22 baýrakly orunlara mynasyp bolanlar yglan edildi. Birinji orny Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Türkmen döwlet maliýe instituty paýlaşdy. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetine iki ýeňşi Şirin Garaýewa bilen Humaý Gurbannazarowa getirdi. Ýene iki ýeňiji: Bägül Jumaýewa we Ysmaýyl Jumanyýazow olimpiadanyň guramaçylarynyň wekilleridir.

Bu ýokary okuw mekdepleriň talyplary ikinji orny eýelän altylyga girdiler, olara Türkmen oba hojalyk institutynyň we ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň Hakara gatnaşyklary institutynyň talyplary-da goşuldy.

16 üçünji orny ýokarda ady agzalan iki okuw mekdebiniň ‒ TOHI we DIM HGI-niň, şeýle hem Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener tehnologiýalar uniwersitetiniň, Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň, Döwlet energetika institutynyň, Telekommunikasiýalar we Informatika institutynyň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň we Ý. Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary eýelediler.

Olimpiada makroykdysadyýet, maliýe-karz, sanly ykdysadyýet boýunça 50 soragdan ybarat synag görnüşinde döwlet dilinde geçirildi. Her dogry jogaba 2 utuk berildi. Bäsleşikde baýrakly ýerler iň köp utuk gazanan talyplaryň arasynda bölündi.

Bäsleşigiň şertlerine görä, oňa her okuw mekdebinden 4 talyp gatnaşyp bilýärdi, bu bolsa gatnaşýanlaryň umumy utuklary boýunça toparlaýyn ýaryşyň ýeňiji mekdeplerini kesgitlemäge mümkinçilik berdi. Şu hasaplamalara laýyklykda, ýeňiji diýlip, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti yglan edildi. Ikinji orun Türkmen döwlet maliýe institutyna, üçünji orun bolsa DIM-iň HGI-ne berildi.

Olimpiadanyň ýeňijileri degişli derejeli diplomlar gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň