Turkmenportal logo
03.06.22
80458045
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Täjigistanyň «Футбол» teleýaýlymy Türkmenistan — Eýran (U23) duşuşygyny göni ýaýlymda görkezer
Täjigistanyň «Футбол» teleýaýlymy Türkmenistan — Eýran (U23) duşuşygyny göni ýaýlymda görkezer

Aziýanyň kubogy-2022 futbol ýaryşynyň (U23) toparlaýyn tapgyrynyň ikinji turunda Türkmenistan bilen Eýranyň ýygyndy toparlarynyň arasynda geçjek duşuşygy Täjigistanyň «Футбол» teleýaýlymy göni ýaýlymda tomaşaçylar köpçüligine ýetirer. Bu barada teleýaýlymyň resmi saýtynda habar berilýär.


Futbol duşuşygy 4-nji iýunda Aşgabat wagty bilen sagat 17:55-de ýaýlyma goýberilip, 18:00-da başlanar. Duşuşyk Daşkent şäheriniň «Bunýodkor» stadionynda bolar.


Türkmenistanyň köp sanly futbol tomaşaçylary IPTV teleýaýlym ulgamynyň üsti bilen «Футбол» teleýaýlymyndan bu duşuşyga tomaşa edip bilerler.


Aziýanyň kubogy-2022: Türkmenistanyň ýaşlar milli ýygyndysynyň futbol duşuşyklarynyň tertipnamasy (U23)

Täjigistanyň «Футбол» teleýaýlymy Türkmenistan — Eýran (U23) duşuşygyny göni ýaýlymda görkezer | Turkmenportal.com