Soňky habarlar

Arhiw

Stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça yklym ýaryşynyň saýlama tapgyrynda türkmen wekiliýeti üçünji orun üçin göreşer

18:0803.06.2022
0
6071

Stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça Gazagystanyň ýygyndysy Aziýanyň çempionatynyň Almaty şäherinde geçirilýän merkezi Aziýa boýunça saýlama tapgyrynyň finalyna çykdy. Bu barada Gazagystanyň MOK-nyň resmi saýty habar berdi.

Almatydaky saýlama ýaryşlara Eýranyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Gazagystanyň ýetginjekler ýygyndylary gatnaşýarlar.

Oglanlaryň arasyndaky ýaryşda 100 göterimlik netije görkezen Eýranyň we Gazagystanyň ýygyndylary final duşuşygyna hukuk gazandy. Türkmen tennisçileri bolsa özbegistanly garşydaşlary bilen üçünji orun ugrunda bäsleşerler.

Gyzlaryň arasyndaky final duşuşygy Gazagystan bilen Özbegistanyň, üçünji orun ugrundaky duşuşyk bolsa Eýran bilen Gyrgyzystanyň arasynda geçiriler.

Şeýlelikde, yklym ýaryşyna Gazagystanyň hem oglanlar, hem gyzlar, Eýranyň oglanlar, Özbegistanyň bolsa gyzlar ýygyndylary gatnaşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň