Şotlandiýada dört okuwçy üçin ýyllyk aýlygy 77.500 dollar bolan mugallym wezipesi boşady

15:5803.06.2022
0
7174

Şotlandiýanyň uly bolmadyk Fula adasyndaky mekdep özüne mugallym gözleýär we oňa ýylyna 77,500 dollar tölemegi wada edýär. Umumy meýdany 12,7 inedördül meýdanda ýerleşen kiçeňräk adada hemişelik ýaşaýan 28 adam bar. Mekdebe bary-ýogy dört okuwçy gatnaýar, ýene bir çaga çagalar bagyna ýazylan.

Bilim edarasynyň öňki direktory pensiýa çykandan soň, bu wezipe boşap galdy. Täze direktora ýyllyk 77,500 dollar aýlykdan başga-da, üç ýatalga jaýy bolan ýaşaýyş jaýyny mugt hödürleýärler.

elitethings.com neşiriniň bellemegine görä, mekdepde çagalar bilen ortaça her gün 6 sagat geçirmeli bolar. Adada dükanlaryň we güýmenje merkezleriniň ýokdugyny nazara alsaň-da, boş wagtyňy ruhy tämizligiňe bagyş edip, dym-dyrslykdan lezzet alyp geçirmeli bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň